- elleşmek
- işlik1) Hoşallyk bildirmek, nyşany hökmünde biri-biriň elini gysmak, el berişmek, biri biriň bilen el tutuşmak, salamlaşmak.∙ Dostlar gülşüp elleşdiler we egin-başlaryny gözden geçirdiler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Ol adam Durdy aga bilen elleşdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)∙ Ol hemişekisi ýaly ýekän-ýekän elleşip görüşdi. (H. Ysmaýylow, Powestler)2) Biri-biriň bilen el tutuşyp barlyşmak, ylalaşmak.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.